12-nji few­ral­da paý­tag­ty­myz­da­ky Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy hem-de dost­luk­ly ýur­duň ar­tist­le­ri­niň kon­ser­ti bol­dy. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra­la­ryň, giň jem­gy­ýet­çi­li­giň, da­şa­ry döw­let­le­riň Aş­ga­bat­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri, ugur­daş ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň mu­gal­lym­la­ry, ta­lyp­lar gat­naş­dy­lar. EYR-nyň dö­re­di­ji­lik we­ki­li­ýe­ti­niň dü­zü­min­de me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry we hü­när­men­le­ri, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry, su­rat­keş­ler, halk se­net­çi­li­gi­niň hem-de spor­tuň ga­dy­my mil­li gör­nüş­le­ri­niň us­sat­la­ry bar.
Eý­ra­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Go­la­mab­bas Ar­bab­ha­les şu me­de­ni çä­rä­niň dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň, öza­ra dü­şü­niş­me­giň hem-de hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň ga­dy­my ta­ry­hy­na eýe bo­lan eý­ran-türk­men halk­la­ry­nyň yna­nyş­ma­ga esas­la­nan gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di. Il­çi iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne üns ber­ýän­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ady­na ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, soň­ky ýyl­lar­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň, aý­ra­tyn-da, söw­da-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň ösüş dep­gin­le­ri bi­len hä­si­ýet­len­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy.
Çy­kyş­lar­da bu dö­re­di­ji­lik çä­re­si­niň türk­men we eý­ran halk­la­ry­nyň me­de­ni­ýet­le­ri­niň mun­dan beý­läk-de öza­ra baý­laş­ma­gy­na, iki ýur­duň dö­re­di­ji­lik we­kil­le­ri­niň hü­när de­re­je­sin­dä­ki gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi ba­ra­da­ky pi­kir be­ýan edil­di. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow hem-de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Se­ýed Eb­ra­him Rai­si ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de iki goň­şy döw­le­tiň ara­syn­da­ky me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­ýän­di­gi­ni bel­läp, ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.
Soň­ra Mu­kam­lar köş­gü­niň sah­na­syn­da Eý­ra­nyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy. Onuň mak­sat­na­ma­sy­ny meş­hur halk aý­dym-saz­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň, “Kor­manj” we “Ro­nak” bel­li dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry düz­di. Joş­gun­ly el çar­pyş­ma­lar eý­ran hal­ky­nyň kök­le­ri asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne uzap gid­ýän däp-des­sur­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýän spor­tuň ga­dy­my gör­nüş­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň ýo­ka­ry us­sat­ly­gy­na ber­len my­na­syp ba­ha bol­dy.
Dost­luk­ly ýur­duň ar­tist­le­ri­niň kon­ser­ti 13-nji few­ral­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ryn­da hem ge­çi­ri­ler. Şeý­le-de şol gün Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­de Eý­ra­nyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň ser­gi­si açy­lar.
Paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry we onuň myh­man­la­ry eý­ra­nyň meş­hur su­rat­keş­le­ri­niň eser­le­ri­ni, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry­nyň — kal­lig­ra­fi­ýa­çy­la­ry­nyň, mi­ni­at­ýu­ra­çy­la­ry­nyň, ha­ly­çy­la­ry­nyň, agaç­dan ne­pis şe­kil­le­ri dö­re­di­ji­le­riň iş­le­ri bi­len tan­şar­lar. Däp bol­şy ýa­ly, gi­ňiş­le­ýin ser­gi­de eý­ran şyg­ry­ýe­ti­niň nus­ga­wy şa­hyr­la­ry­nyň eser­le­ri­ni be­ýan ed­ýän aja­ýyp mi­ni­at­ýu­ra­lar, el­de do­ka­lan ýü­pek ha­ly­lar, öz­bo­luş­ly oý­na­waç­lar, de­ri­den we agaç­dan ýa­sa­lan owa­dan şe­kil­ler, kal­lig­ra­fi­ýa sun­ga­ty­nyň nus­ga­la­ry, reňk ar­ka­ly ýaz­gy­lar, mil­li egin-eşik­ler, dür­li sow­gat­lyk önüm­ler hem-de beý­le­ki­ler gör­ke­zi­ler. Şeý­le-de ser­gä ge­len­ler eý­ran aş­ha­na­sy­nyň ta­gam­la­ryn­dan da­dyp bi­ler­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­syn­da dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry we us­sat­lyk sa­pak­la­ry ge­çi­ri­ler. Ki­no sun­ga­ty­nyň jan­kö­ýer­le­ri­ne 13-14-nji few­ral­da “Aş­ga­bat” ki­no­kon­sert mer­ke­zin­de eý­ran­ly ki­ne­ma­tog­raf bi­len du­şu­şyk ga­raş­ýar. Şol ýer­de soň­ky ýyl­lar­da dür­li žanr­lar­da dü­şü­ri­len ki­no­film­ler gör­ke­zi­ler. EYR-nyň we­ki­li­ýe­ti­niň Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len me­ýil­leş­di­ri­len du­şu­şyk­la­ry­nyň do­wa­myn­da me­de­ni ugur­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.
Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri 14-nji few­ral­da Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de ta­mam­la­nar. Şol ýer­de dö­re­di­ji­lik çä­re­si­niň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy we iki ýur­duň ar­tist­le­ri­niň bi­le­lik­dä­ki dost­luk kon­ser­ti bo­lar. Fo­ru­myň me­de­ni mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de myh­man­lar mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry hem-de paý­tag­ty­my­zyň beý­le­ki gö­zel ýer­le­ri bi­len tan­şar­lar.