«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde çagalaryň sürmegi üçin niýetlenen kiçi welosipedleri we polipropilenden oturgyçlaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda habar berilýär.
«Şöhle plastik» haryt nyşany bilen öndüriljek welosipedler 3-5 ýaşly körpelere niýetlener. Hojalyk jemgyýetiniň önümhanasynda Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümi bolan döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy aýda birnäçe tonna önüm öndürmäge mümkinçilik berýär.
Kärhanada häzirki wagtda plastmassadan öý hojalyk harytlarynyň, çaga oýnawaçlarynyň dürli görnüşleri öndürilýär. Şunuň bilen birlikde, kärhananyň ýurdumyzda ilkinji bolup laminatyň düşeginiň önümçiligini hem ýola goýandygyny aýtmak bolar.
«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine daşary ýurtlular tarapyndan hem özboluşly isleg bildirilýändigini, şeýle-de bu önümleriň birnäçe ýurda eksport edilýändigini bellemek gerek.