Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ösüşi döwlet derejesinde möhüm ugur hökmünde kesgitlenýär. «Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» kabul edilip, orta we ýokary bilim ulgamynda ornaşdyryldy. Bu konsepsiýa arkaly okuwçylaryň we talyplaryň täze tehnologiýalara elýeterliligi üpjün edilýär. Döwlet tarapyndan 1-nji synpa barýan okuwçylara noutbuk sowgat berilmegi ýaşlaryň tehnologiýa bilen utgaşykly okamagyna mümkinçilik döredýär. Sanly bilim portallary arkaly okuw materiallarynyň onlaýn görnüşde elýeterliligi okuw prosesiniň çeýeligini artdyrýar.
Ýurdumyzda bilimi kämilleşdirmek we ylmyň döwlet ösüşine goşandyny artdyrmak döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ylmyň we tehnologiýalaryň ykdysadyýetdäki orny güýçlendirilýär. Ýaşlaryň ylma çekilmegine, olara bilim we ylmy taslamalarda mümkinçilikleriň berilmegine aýratyn üns bilen garalýar. Ylym-tehnologiýa parklarynyň döredilmegi, halkara ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi maksat edinilýär. Bilim edaralarynyň tehniki-material bazasynyň döredilmegi, döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy, täze okuw-tehniki gurallaryň ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir.
Sanly bilim üçin zerur bolan infrastruktura boýunça birnäçe ädimler ädildi:
Ýokary tizlikli internet ýokary okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde we ylmy merkezlerde ornaşdyrylýar.
Interaktiw synp otaglary döredilýär: multimedia projektorlar, elektron tagtalar we sanly kitaplar giňden ulanylýar.
Sanly kitaplar we elektron maglumat bazalary giňeldilýär. Okuwçylaryň we mugallymlaryň elektron serişdelerden peýdalanmagy öňe sürülýär.
Uniwersitetleriň köpüsinde sanly okuw merkezleri döredilip, talyplara elektron maglumatlar bilen işlemekde ýörite ýerler berilýär.
Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi birnäçe täze mümkinçilikleri açýar:
Uzak aralykdan bilim almak: talyplar we okuwçylar fiziki taýdan başga ýerde bolsa-da, onlaýn sapaklara gatnaşyp bilýärler.
Emeli aň integrasiýasy: okuwçylaryň derejesine görä aýratynlykda okuw materiallaryny düzmek mümkinçiligi bar.
Elektron synag ulgamlary: netijeliligi ýokarlandyrýar we mugallymlaryň işini ýeňilleşdirýär.
Halkara hyzmatdaşlyk: daşary ýurt uniwersitetleriniň sanly platformalary bilen hyzmatdaşlykda okuw programmalary alnyp barylýar.
Bu ugurda oba ýerlerinde internet elýeterliligi ýokarlandyrmak ugrunda giň tagallalar edilýär. Mugallymlaryň sanly sowatlylygy doly kämilleşdirilýär. Okuw kitaplarynyň elektron görnüşi hemme ugur boýunça ýeterlik derejede taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň ugurdaş ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde ykdysadyýetiň dürli ugurlary üçin zerur bolan zehinli, ukyp-başarnykly hünärmenler taýýarlanylýar. Bu işler degişli Konsepsiýalara we beýleki möhüm resminamalara laýyklykda alnyp barylýar. Bilim işgärlerine işlemäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň, janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!
Ogulmaral HÜMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 140-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiriniň daşary ýurt dilleri boýunça orunbasary.