23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan” hem-de şu ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerini we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly ýagdaýda saklamak, milli ykdysadyýetiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüş derejesini ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem eksport ugurly, importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, netijede, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri dowam etdirmek, daşky gurşawy goramak çärelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmagy dowam etdirmek, ilata edilýän ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellenildi.
Amatly işewürlik gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilýän maýa goýumlary artdyrmak, täze önümçilikleri işe girizmek, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek babatdaky işler dowam etdiriler. Şunuň bilen bir hatarda, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli artdyrmak we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Wise-premýer Maksatnamanyň taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijileriň, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalarynyň, ýerine ýetirilmeli işleriň, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileriniň kesgitlenilendigini belledi. Özleşdirilmegi göz öňünde tutulýan maýa goýumlaryň möçberleri beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Maksatnamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny, munuň ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasyny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF









