4-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Awstriýada Taslamalara hyzmat etmek boýunça (UNOPS) BMG-niň Müdirliginiň köp ýurtly edarasynyň direktory Simonetta Siligato bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň çäginde duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirligi bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler.
Türkmenistanyň ulag aragatnaşygy, durnukly infrastruktura we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary esasy milli ileri tutýan ugurlar hökmünde görýändigi nygtaldy.
Taraplar saglygy goraýyş, ulag infrastrukturasyny ösdürmek, suw dolandyryşy, durnukly ekologiýa we beýleki ugurlarda häzirki we geljekdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Simonetta Siligato BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň (LLDC3) ýokary derejeli guramaçylygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we üstünlik arzuw etdi.
Duşuşykda taraplar forumyň netijeleriniň deňiz kenaryndaky ýurtlaryň bähbitlerini öňe sürmekde we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.
Taraplar halkara we sebit başlangyçlaryň çäginde işjeň dialogy dowam etdirmek hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek niýetlerini tassykladylar.