11-nji oktýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
Dabaranyň dowamynda ilatyň saglygyny dikeltmek bilen, keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň hem-de bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrmaga uly goşant goşan saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň tapawutlanan işgärlerine Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan sylaglar gowşuryldy.
Ýokary sylaga mynasyp bolan saglygy goraýyş işgärleri özleriniň zähmetini hemişe üns merkezinde saklaýandyklary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, döwletimiz tarapyndan ilata ýokary derejedäki saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek hem-de dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda okgunly ösýän saglygy goraýyş ulgamynyň düzümlerini we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýokary derejeli lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak maksady bilen amala aşyrylýan döwletli işleriň ählisi «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen çuňňur mazmunly şygary öňe sürýän, halkymyzyň abadançylygyny, ilatymyzyň beden saglygyny goramak hem-de berkitmek boýunça wezipeleri baş maksat edinýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly hem-de köptaraplaýyn syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Dabaranyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýäniň öňdebaryjy gazananlary esasynda kämilleşdirilmegine, halkyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary we döwletli işleri üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar ilatyň saglygyny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işlere jogap edip, mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitap saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynda ýurdumyzyň we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi üçin sowgat boldy.
Dabarada çykyş edenler Milli Liderimiziň ylmy-ensiklopedik eseriniň lukmançylyk ylmyna goşýan ägirt uly goşandy, türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklaryny öwrenmekde gymmatly çeşme hökmündäki ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler. Alym we lukman Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesi bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy-ensiklopedik işiniň nobatdaky jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” hem-de “Maglumatnama” diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan mukaddes topragymyzyň dag-düzlerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary barada doly we düýpli maglumatlar berilýär. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň köküniň, miwesiniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk bejeriş-sagaldyş tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
PDF




