1-nji sentýabrda Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky “Täze kuwwat” binasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp sowgat bolan bu desgalar ýurdumyzyň energetika pudagynyň binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Dabara Mary welaýatynyň häkimi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň wekilleri, institutyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň sahnalaşdyran kompozisiýasyna hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr. Şoňa görä-de, uzak geçmişlerden bäri bilime teşneligi, ylma yhlaslylygy, pähim-paýhaslylygy bilen dünýä meşhur bolan milletimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, bu gün milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony hil taýdan täze basgançaga çykarmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Dabarada çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli bilim ulgamy ösüşiň täze derejesine çykaryldy. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap bilim edaralary gurlup ulanmaga berlip, bar bolanlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Döredilýän şeýle amatly mümkinçilikleriň esasynda ýurdumyzda ýokary aň-düşünjeli, döwrebap bilimli, watansöýüji ýaş nesil kemala gelýär.
Ulanmaga berlen täze desgalar hem ýurdumyzyň elektroenergetika pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda bar bolan mümkinçilikleriň üstüni ýetirýär. Şunda gaýtadan dikeldilýän energetika degişli bilimleriň we öňdebaryjy gazanylanlaryň özleşdirilmegi üçin iň döwrebap şertleriň döredilmegine aýratyn üns berildi. Dabara gatnaşyjylar welaýat merkeziniň gözelligine görk goşýan ajaýyp desgalary gurduryp berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Soňra hormatly ýaşulular we dabara gatnaşýan myhmanlar binanyň toý bagyny kesdiler. Şol pursatda şatlyk-şowhunly el çarpyşmalar bilen, aýdym-sazyň ýaňlanmagynda ak kepderiler, dürli reňkli şarlar asmana uçuryldy. Dabara gatnaşyjylar binanyň içine girip, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze goşmaça okuw binasynda döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Institutyň täze desgalarynyň gurluşygy Energetika ministrliginiň buýurmasy esasynda “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasy, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy bar. Goşmaça okuw binasynda her biri 50 we 80 orunlyk umumy okuw otaglarynyň 18-si, 28 sany amaly okuw otagy, 6 kompýuter, 6 lingafon otagy, 57 sany okuw-tejribehana otagy ýerleşdirilendir. Bulardan başga-da, bu ýerde “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkezi, muzeý, ýaş alymlar otagy, kitaphana, elektron kitaphana, uly we kiçi IT meýdançalary, kibersport otagy, robot tehnikasy we emeli aň okuw otagy, 500 orunlyk mejlisler jaýy, kiçi mejlisler jaýy, döredijilik merkezi hereket edýär.
Tejribehanalardyr okuw otaglary dünýäniň iň kämil okuw enjamlary, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylandyr. Tejribe otaglarynda ornaşdyrylan Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Hytaýyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary elektroenergetika degişli okuwlary amaly şertlerde geçmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Mysal hökmünde bellesek, Ispaniýanyň “EDIBON SCADA System” kompaniýasynyň önümi bolan, elektrik stansiýasynyň bugturbina desgasyna niýetlenen tejribe enjamy bugturbina desgalarynyň ýylylyk shemalaryny özünde jemleýär. Bu tejribe enjamy bugturbina desgalarynda bolup geçýän ýylylyk hadysalaryna gözegçilik etmäge we desga işledilende hem-de işi saklanylanda ýerine ýetirmeli düzgünleriň dogry berjaý edilmegini talyp ýaşlara içgin öwretmäge mümkinçilik berýär.
Robot tehnikasy we emeli aň okuw otagynda Germaniýanyň “LUCAS-NÜLLE” kompaniýasynyň senagat robotlarynyň gurluşy, hereket mehanizmleri, sensor ulgamlary we programmirlemek arkaly dolandyryş bilen tanyşdyrýan “KUKA” robot taslamasy ornaşdyrylypdyr. Talyplar bu robotyň kömegi arkaly senagatda ulanylýan awtomatlaşdyrylan düzümleriň iş ugurlaryny ýakyndan öwrenerler.
Dabarada institutyň talyp ýaşlarynyň işläp taýýarlamalary we oýlap tapyşlary giňden tanyşdyryldy. Täze okuw binasynda ornaşdyrylan enjamlaryň üsti bilen geçiriljek ylmy-barlag, tejribe işleri ýaşlaryň ylma bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga hem-de hünär taýdan kämilleşmegine täze itergi berer. Täze okuw binasynda tebigy serişdelerden we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanýan ulgamlar döredilipdir. Bu ýerde ýagyş suwy ýörite howuzlarda toplanyp, arassalanyp, institutyň çägindäki baglary suwarmak üçin peýdalanylar. Binanyň üçeginde kuwwaty 132 kilowata deň bolan Gün panelleri oturdylandyr. Ol Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürmek arkaly binanyň yşyklandyrylyşynda sarp ediljek ekologik taýdan arassa energiýa çeşmesini öndürer.
Jemi 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy 4 gatdan ybarat bolup, onuň her bir otagy 4 talyba niýetlenendir. Talyplaryň ýaşamaklary, dynç almaklary we okuwlara özbaşdak taýýarlanmaklary üçin bu ýerde ähli şertler döredilendir. 2 gatdan ybarat üsti ýapyk sport desgasynyň birinji gatynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport zaly, ikinji gatynda bolsa daşary ýurtlaryň enjamlary ornaşdyrylan türgenleşik zaly hereket edýär.
Institutyň täze okuw binasyna ýanaşyk ýerdäki aýlawly ýoluň ugrunda gurlan monument toplumy “Täze kuwwat” diýlip atlandyrylýar. Ol kuwwaty 30 kilowata deň bolan ýel elektrik stansiýasyny we kuwwaty 15 kilowata deň bolan Gün elektrik stansiýasyny özünde jemleýär. Ýel we Gün elektrik beketleriniň öndürýän elektrik energiýasy binanyň töweregindäki yşyklandyryş ulgamy üçin sarp edilýär. Binanyň mejlisler jaýynda dabara gatnaşyjylara institutyň täze goşmaça okuw binasy, umumy ýaşaýyş jaýy, sport desgasy, aýlawly ýoluň ugrundaky “Täze kuwwat” binasy barada tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.
Soňra bu ýerde halkara guramalaryň täze desgalaryň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda informatika we maglumat tehnologiýalary instituty tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze binalar toplumynda sanly bilim ulgamynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň halkara standartlara laýyklykda üpjün edilendigi üçin Minnetdarlyk haty gowşuryldy. Şeýle hem täze okuw binasynyň gurluşygynda energiýany netijeli peýdalanmaga ýardam berýän innowasion tehnologiýalaryň, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasynda elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürýän enjamlaryň, suwy tygşytly ulanmaga ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylandygy; durnukly energetikany ösdürmek bilen bagly çäreleriň yzygiderli we üstünlikli amala aşyrylýandygy hem-de bu çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyna ýardam berilýändigi barada Latwiýanyň Durnukly gurluşyk geňeşi we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan “Ýaşyl” güwänamalar berildi. Mundan başga-da, täze okuw binasynyň gurluşygynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň görkezijileri boýunça Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) ýörite güwänamasy gowşuryldy.
Soňra binanyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Döwlet energetika instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetiniň hem-de bu ýurduň Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
Dabara gatnaşan daşary ýurtly wekiller elektroenergetika pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mundan beýläk-de tagalla etmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary we talyplary açylyp ulanmaga berlen döwrebap desgalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlaryny beýan etdiler. Dabara medeniýet we sungat ussatlarynyň bagtyýar zamanamyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy.