17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Şumin Szi bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň we köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigi barada nygtaldy. Taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki döwletiň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň orny barada aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki döwletiň migrasiýa babatda hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
Çeşme: migration.gov.tm