Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow bilen Gazagystan Respublikasynyň Içeri işler ministri Ý.Sadenowyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň we köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigi barada nygtaldy. Taraplar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, iki döwletiň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň orny barada aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki döwletiň migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alyp barýan ähmiýetli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

***

Saparynyň çäklerinde türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti dürli ugurlara degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirildi.
Şol gol çekilen we alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk hem bar.

Çeşme: migration.gov.tm