5-8-nji maý aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän Migrasiýa meselelerine syn bermek boýunça ikinji halkara Forumynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Baş direktory hanym Emi Pop bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar migrasiýany dolandyrmak babatynda halkara kadalary kanunçylyga ornaşdyrmak we migrasiýa kanunçylygyny iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirmek bilen baglylykda Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge içgin gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Taraplar parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatyndaky ähli başlangyçlar we maksatnamalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge taýýardygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem halkara migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hanym Emi Pop Türkmenistanda ynsanperwer meseleleri babatynda geçirilen köp sanly maslahatlar, duşuşyklar, forumlar we halkara çäreler tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýandygyny aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem halkara jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň migrasiýa syýasaty babatda gazanan üstünliklerine ýokary baha berýändigini nygtady. Aýratynda hanym Emi Pop türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan düýbi tutulan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ynsanperwerlik, halkara raýdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýan yzygiderli ynsanperwer syýasatyna ýokary baha berdi. Häzirki wagtda bu başlangyçlar beýleki ýurtlar üçin mynasyp nusga bolmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar hem-de öwrenilýär.
Sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli kömege mätäç bolan daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwer goldawyny bermek boýunça Türkmenistanyň sazlaşykly işi aýratyn bellenildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan ynsanperwerlik, halkara hyzmatdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýurdumyz sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagyna gönükdirilen halkara işlerine işjeň gatnaşmak bilen, goňşy Owganystanyň halkara hem-de sebit hereketlerine durmuş-ykdysady taýdan gatnaşmagyna möhüm goşandyny goşýandygy we iş ýüzünde iri infrastruktura taslamalary durmuşa geçirýändigi hem-de ynsanperwer häsiýetli kömekleri yzygiderli iberýändigi hem bellenilip geçildi.

Çeşme: migration.gov.tm