Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde häzirki wagtda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýokary derejedäki duşuşyklaryň, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralýan halkara maslahatlaryň, forumlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Hususan-da, bu ýerde 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Ýurdumyzyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri, degişli meýilnamalara laýyklykda, dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri we beýleki duşuşyklar geçirilýär. 9-njy oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçiriler. Şeýle-de Awazada «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň «Saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek we Durnukly ösüş maksatlary» atly maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýa meselelerine uly üns bermek bilen, möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, 7-nji oktýabrda Awazada Hazar deňziniň ekologiýasy bilen bagly meseleler boýunça Hazarýaka döwletleriň ministrler derejesindäki duşuşygy guralar.
Suw meseleleri biziň sebitimiz üçin örän wajyp mowzuk bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz dürli halkara we sebitleýin forumlarda Türkmenistanyň suw meselelerine bolan garaýşyny açyk beýan edýärler. Türkmenistanyň sebitdäki suw meselelerine uly ähmiýet berýändigini göz öňünde tutup, Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini aýawly saklamak boýunça bu sebitiň döwletleriniň, Owganystanyň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek maksady bilen, şu formatlara gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň mejlislerini geçirmek hem göz öňünde tutulýar. Bu barada 8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.