27-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa meseleleri boýunça Baş müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.
Taraplar migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki döwletiň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň orny barada nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.