27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheriniň iň uly binasynyň ýüzi ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekiline beslendi. Örän täsirli görnüş beýikligi 140 metrlik binany türkmen gölleri we bäş ýyldyzly ýarym aý şekili bilen öwüşgin atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi. Munuň özi dostlugyň we doganlygyň özboluşly hem-de aýdyň alamaty boldy. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.
Ankara şäherindäki iň uly binalaryň biri bolan Türkiýäniň Palatalar we biržalar edarasynyň (TOBB) binasy türkmen ýaşyl tugy bilen bezeldi. Bu çäreler 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli geçirildi.
Binanyň beýiklikde 140 metr bolup, Türkiýäniň esasy işewürlik merkezidir. 2001-nji ýylda gurlan bina we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklary ösdürmek babatda tagallalaryň merkezine öwrüldi.
Şeýle hem 27-nji sentýabrda BAE-niň Dubaý şäherindäki dünýäniň iň beýik binasy bolan «Burj Halifa» binasynyň ýüzi ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekiline beslendi.
Mundan başga-da, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň meşhur “Times” meýdanynda Türkmenistan tanyşdyryldy.
Şeýle ajaýyp wakalaryň ýene-de biri Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde hem bolup geçdi. Bu şäherdäki “ADNOC” milli nebit kompaniýasynyň binasy türkmen baýdagy bilen bezeldi.