8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde umumy sapak bilen çykyş etdi. Çärä dowamynda ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Ilçi öz çykyşynda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň giň toplumyna degip geçdi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýaşlar syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesliň öňünde goýan möhüm wezipeleri barada giňişleýin gürrüň edildi.
2025-nji ýylda giň gerimde bellenilip geçiljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýurduň jemgyýetçilik, ykdysady, ylym-bilim we syýasy ugurlarda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler barada uly ruhlanma bilen diňlediler. Bu özgertmeler ýurdumyzyň ösüşine we ýaş nesliň abadançylygyna gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemleri barada giňişleýin maglumat berdi. Şol mejlisde döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem B.Rejepow çykyşynda oba hojalygy, senagat, ulag we aragatnaşyk, medeni-jemgyýetçilik ösüşi ýaly ugurlarda alnyp barylýan giň möçberli işlere ünsi çekdi. Ol hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň we dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylmagyň möhüm ähmiýetini aýratyn belledi.
Şeýle hem, Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý mejlisindäki çykyşyny, beýan edilen Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny we dostlukly bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygyny belläp geçdi.
Umumy sapak tamamlanandan soň, B.Rejepow uniwersitetiň tapawutlanan türkmen talyplaryna minnetdarlyk hatlaryny gowşurdy.
Şeýle hem Ilçi Türkmenistanyň Ilçihanasynyň adyndan uniwersitetiň kitaphanasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabyny ýadygärlik sowgady hökmünde gowşurdy.
***
Şol gün Ilçi B.Rejepow L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň rektory Ýerlan Sydykow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem bu ugurlarda gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek boýunça mundan beýläkki bilelikdäki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Akademik alyş-çalyş meselelerine hem-de bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Rektor Ý.Sydykow öz gezeginde türkmen tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesiniň tutuş sebite nusga bolup hyzmat edýändigini, onuň parahatçylygyň, durnuklylygyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandygyny belledi.