Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, telekeçilik ulgamyny ösdürmek, hususan-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 17 — 19-njy martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergini hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada 28-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew habar berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan ornunyň yzygiderli artýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ozal habar berşimiz ýaly, “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumy (IFT 2025) “TMT Consulting Group” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy guraýar.
IFT 2025 Türkmenistanyň hususy böleginiň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak hem-de döwlet we hususy bölekleriniñ arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolup durýar. Forum ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tanymal maýadarlary, telekeçileri, maliýe edaralarynyň we döwlet düzümleriniň wekillerini ýygnar.