Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde öz işine başlady. Ozal habar berşimiz ýaly, “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumyny (IFT 2025) “TMT Consulting Group” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy guraýar. Foruma gatnaşmak üçin 26 ýurtdan 200-den gowrak wekil Aşgabada geldi. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurtly maýadarlar, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýet we innowasiýalar ulgamyndaky hünärmenler hem halkara foruma işjeň gatnaşdylar.
IFT 2025 halkara forumy Türkmenistanyň hususy pudagynyň ösüşleri: ýetilen sepgitler we mümkinçilikler, Kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek: halkara we milli tejribeler, Üznüksiz aýlawly (sirkulýar) ykdysadyýet: Türkmenistanyň senagat, gurluşyk, ulag we syýahatçylyk pudaklarynyň häzirki zaman ösüşinde hususy pudagyň orny, Oba hojalygyna innowasiýalary ornaşdyrmakda hususy pudagyň gazananlary we maksatnamalaýyn ugurlary ýaly bölümleri öz içine alýar.
Maslahatyň dowamynda ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna özara duşuşmaga hem mümkinçilik döredi. Bu duşuşyga gatnaşyjylar potensial taslamalary ara alyp maslahatlaşyp, maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenip, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklary barada maglumatlar aldylar.
Umuman, halkara forum Türkmenistanyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga, tejribe alyşmaga hem-de döwlet edaralary bilen hususy pudagyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm meýdança boldy.