4-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Gahryman Arkadagymyz garşylady we dostlukly döwletiň Baştutanyna Türkmenistanda geçirilýän halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
“Bu wekilçilikli maslahata gatnaşmak meniň üçin uly mertebedir” diýip, dostlukly ýurduň Lideri aýtdy we Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, halkara forumyň gün tertibine häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen meseleler girizildi. Onuň netijeleri ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam eder. Bu bolsa dünýä döwletleriniň sazlaşykly ösmegine, halklaryň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge goldaw berer. Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, maslahatyň işine üstünlik arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyz we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.