Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.