Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

162

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.