Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşantlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we halal zähmetini, önjeýli döwlet işini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň goranmak ministri, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Begenç Ataýewiç Gündogdyýewi,
Türkmenistanyň içeri işler ministri, polisiýanyň general-maýory Muhammet Allamyradowiç Hydyrowy,
Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowy,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, üçünji hünär derejeli Begenç Gurbangeldiýewiç Hojamgulyýewi,
Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri, general-maýor Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýewi,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, general-maýor Ýazgeldi Bäşimowiç Nuryýewi,
Türkmenistanyň adalat ministri, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganowy,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, general-maýor Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýewi,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, polkownik Amanmuhammet Şyhgulyýewiç Sazakowy,
* * *
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň rektory, polkownik Şamyrat Annamyradowiç Amanowy,
Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň rektory, general-leýtenant Ismail Allamyradowiç Ismailowy,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory, 2-nji derejeli kapitan Meýlis Öwezgylyjowiç Bäşimowy,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň rektory, podpolkownik Döwran Annabaýramowiç Aýdogdyýewi,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň rektory, polkownik Muhammetgeldi Babageldiýewiç Agageldiýewi,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň polkownigi Nurmyrat Bäşimowiç Kowusowy.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 6-njy dekabry.
PDF









