6-njy de­kabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň, ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, kon­sul­lyk eda­ra­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýa­nyn­da­ky we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na de­giş­li mö­hüm me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, mej­lis­de 2025-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na de­giş­li al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri­niň jem­len­jek­di­gi­ni, ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň we gel­jek ýyl üçin ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny aýt­dy. «Bu iş­ler­de Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýyn­dan hem-de «Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2022 – 2028-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­syn­da» öň­de goý­lan we­zi­pe­ler­den ugur al­ýa­rys» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa söz be­ril­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýo­lu­ny do­wam et­dir­ýän döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2022 – 2028-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» esa­syn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­re­bap da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň bin­ýat­la­ry Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň döw­le­ti­mi­ze baş­tu­tan­lyk eden ýyl­la­ryn­da öňe sü­ren «Ösüş ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­lyk» şy­ga­ry ösü­şiň äh­li ugur­la­ry­nyň di­ňe dur­nuk­ly­lyk we pa­ra­hat­çy­lyk şert­le­rin­de müm­kin bol­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär. Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan öňe sür­len «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly fi­lo­so­fi­ýa bol­sa hä­zir­ki za­man hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da tä­ze fi­lo­so­fik ga­ra­ýyş bol­mak bi­len, ýü­ze çyk­ýan hal­ka­ra we döw­le­ta­ra me­se­le­le­riň di­ňe dia­log, ýag­ny gep­le­şik­ler we sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik se­riş­de­ler ar­ka­ly çö­zül­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­ýar. Şol bir wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan tek­lip edi­len «Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak» ýö­rel­ge­si dün­ýä­de dur­nuk­ly ösü­şi güýç­len­dir­me­giň halk­lar­dyr döw­let­le­riň ara­syn­da yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­mak ar­ka­ly müm­kin­di­gi­ni su­but ed­ýär. Bu baş­lan­gyç­lar bir bi­te­wi dü­şün­jä­ni eme­le ge­ti­rip, ol pa­ra­hat­çy­ly­gyň ösü­şi dö­red­ýän­di­gi, yna­nyş­ma­gyň bol­sa ne­ti­je hök­mün­de howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi ber­kid­ýän­di­gi ba­ra­da­ky çuň­ňur pi­ki­ri özün­de jem­le­ýär.
Wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri bu wa­jyp sy­ýa­sy tag­ly­mat­la­ryň hä­zir­ki döw­rüň hal­ka­ra şert­le­rin­de halk­la­ryň we döw­let­le­riň je­bis­leş­me­gi, pa­ra­hat­çy­lyk hem-de yna­nyş­mak me­de­ni­ýe­ti­niň dün­ýä sy­ýa­sa­ty­nyň der­wa­ýys şer­ti hök­mün­de kes­git­le­nil­me­gi üçin yg­ty­bar­ly esas bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi­ni, ýur­du­my­zyň bu gym­mat­lyk­la­ry dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň de­re­je­sin­de öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry ar­ka­ly dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li ple­nar mej­li­sin­de eden çy­ky­şyn­da öňe sü­ren tek­lip­dir baş­lan­gyç­la­ry hem ýur­du­my­zyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Türk­men dip­lo­mat­la­ry ola­ry döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan BMG we beý­le­ki hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len bi­le­lik­de iş ýü­zün­de ama­la aşy­rar­lar.
R.Me­re­dow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň iş­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­ýän­di­gi­ni, bu gul­lu­ga hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni, hu­su­san-da, onuň gu­ra­ma­çy­lyk, hu­kuk, ma­li­ýe we mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek, iş­gär­le­riň iş, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da yzy­gi­der­li gol­daw ber­ýän­di­gi­ni aý­dyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za dip­lo­ma­tik gul­lu­gyň äh­li iş­gär­le­ri­niň adyn­dan tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Şol bir wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak we ola­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ber­ýän ýar­dam­la­ry­nyň dip­lo­mat­lar üçin aý­ra­tyn gym­mat­ly­dy­gy­na üns çe­kil­di.

Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenildi
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi­niň mö­hüm sy­ýa­sy wa­ka­la­ryň bi­ri bo­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baştutanymyz 2025-nji ýyl­da wa­jyp äh­mi­ýet­li hal­ka­ra çä­re­le­riň ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­le­di.
«Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 80 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi bi­len ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­nyň ga­bat gel­me­gi Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy. Şu ýyl Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samble­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 61-nji ple­nar mej­li­sin­de bol­sa ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan üçün­ji ge­zek yk­rar edil­me­gi bi­ziň alyp bar­ýan Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­my­zyň my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr» di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy.
Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy ýur­du­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da giň­den bel­le­nil­di. Bu ugur­da köp san­ly iri çä­re­ler ge­çi­ril­di, mö­hüm res­mi­na­ma­lar ka­bul edil­di. Şu ýyl «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da art­dy­ran bu mas­la­ha­tyň jem­le­ri bo­ýun­ça Awa­za sy­ýa­sy Jar­na­ma­sy ka­bul edil­di, şeý­le hem 2024 – 2034-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy yg­lan edil­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­sy­nyň 18-nji ple­nar mej­li­sin­de bol­sa «Awa­za sy­ýa­sy Jar­na­ma­sy» at­ly Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Ýur­du­my­zyň oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň döw­le­ti­mi­ziň mil­li ka­nun­çy­ly­gyn­da­ky or­nu­ny has-da ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len, «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty­nyň hu­kuk esas­la­ry ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on ka­nu­ny ka­bul edil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýa­kyn gün­ler­de paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň we­kil­çi­lik­li fo­ru­my­nyň döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li tag­ly­ma­ty­ny dün­ýä ýaý­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Bu hal­ka­ra fo­rum pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji döw­let hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­te­rer, dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan bi­ziň ýur­du­my­za, türk­men hal­ky­na, onuň alyp bar­ýan oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na uly hor­mat bi­len ga­ral­ýan­dy­gy­ny gör­ke­zer. Bu wa­ka­la­ryň äh­li­si Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny giň­den be­ýan et­mek bi­len, bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek, yna­nyş­mak esa­syn­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri has-da da­ba­ra­lan­dyr­ýar.