8-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy S.Gaýypowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda myhmanlar ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň alyp barýan işleri, ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyryldy.
Taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn we «Merkezi Aziýa+Germaniýa – köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan hem-de «Merkezi Aziýa+ÝB» formatlarda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropa Bileleşigi parlamentara dialogy hem-de ÝHHG-niň PA agzasy görnüşdäki gatnaşyklary, Germaniýanyň Bundestagy bilen paralamentara hyzmatdaşlygy goldamagyň ähmiýeti babatda hem bellenilip geçildi.
Duşuşygyň dowamynda daşky gurşawy goramak, tebigatdan netijeli peýdalanmak, ylym, bilim, parlamentara gatnaşyklary boýunça hyzmatdaşlygy goldamak babatda söhbetdeşlik edildi.