22-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahaty geçirildi.
Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmelere laýyklykda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan möhüm kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi. Ýurdumyzyň geljek ýyl üçin baş maliýe resminamasy maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ulgamlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmek arkaly, kabul edilen Milli maksatnamalardaky wezipeleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň depginli artmagyna we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna hyzmat eder.
Şeýle hem maslahatda «Wirtual aktiwler hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň, «Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda», «1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi.
Kabul edilen resminamalar döwletimiziň kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýardam eder.
Maslahatda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň mejlislerinde hem-de hojalyk iş maslahatynda öňde goýan wezipelerini, şanly senä bagyşlanyp, dünýä döwletleriniň giň wekilçiliginde geçiriljek halkara Forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada pikir alşyldy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze 2026-njy ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydyklary barada kesgitlän wezipelerinden ugur alyp, deputatlaryň alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda öňde durýan işler kesgitlenildi.
Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýurdumyzyň ynsanperwer döwlet syýasatyny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem-de halkara Bitaraplyk gününiň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada durlup geçildi.
PDF









