17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň durmuş goragy ulgamy boýunça maslahatçysy Stiwen Barret bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ilatyň, aýratyn-da eneleriň we çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhman ýurdumyzda maşgalanyň we çagalaryň hukuklaryny goramak, jemgyýetiň durmuş goraglylygyny, şeýle hem gender deňligini üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň durmuşa ornaşdyrylandygyny we olaryň yzygiderli kämilleşdirilýändigini belledi.
Milli parlamentiň wekilleri kanun çykaryjy edaranyň ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, bu ugurda hukuk esaslary berkitmek hem-de halkara borçnamalar bilen utgaşyklylykda täze başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Çeşme:mejlis.gov.tm