22-24-nji oktýabrda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly XXX halkara maslahatyny we sergini geçirmäge uly taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda sergä gatnaşmak üçin isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalaryň 70-den gowragy, ýerli kärhanalaryň hem-de hususy telekeçileriň 30-a golaýy, şeýle-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary sergi diwarlyklary bilen gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Utgaşykly görnüşde geçiriljek maslahata gatnaşmaga jemi 1 müň 390-a golaý wekil isleg bildirdi. Maslahatyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda global energiýanyň geljegini şekillendirmek — innowasiýa, energetika geçişi we strategik hyzmatdaşlyk”, “Türkmen tebigy gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine itergi bermek” atly plenar mejlisleri, möhüm ähmiýetli meseleler boýunça mowzuklaýyn mejlisleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada 17-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow hasabat berdi.