Ýur­du­my­za Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­dan hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. 2022-nji ýy­lyň 10-njy de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gy­nyň Jem­leý­ji Jar­na­ma­sy şu ýy­lyň 1-nji mar­tyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de çap edil­di.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len kö­pu­gur­ly stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz BMG hem-de onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da iş­jeň we baş­lan­gyç­ly or­ny eýe­le­ýär. Mu­nuň aý­dyň my­sa­ly hök­mün­de dür­li ugur­lar­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len we hä­zir­ki wagt­da ama­la aşy­ryl­ýan bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi bi­len taý­ýar­la­ny­lan hem-de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len bir­nä­çe Ka­rar­na­ma­la­ry gör­kez­mek bo­lar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da şu ýy­lyň few­ra­lyn­da ka­bul edi­len “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň or­ny” at­ly Ka­rar­na­ma hem bar.
2020-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry dö­re­dil­di. Bu to­par BMG-ä ag­za döw­let­le­re se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de hyz­mat­daş­ly­gyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça oňyn pi­kir alyş­mak üçin müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Bu köp­ta­rap­ly dia­lo­gyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän yzy­gi­der­li du­şu­şyk­lar hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni öňe iler­let­mek, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da dur­nuk­ly sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gu­ral­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­ga ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gy­nyň Jem­leý­ji Jar­na­ma­sy­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de ka­bul edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň hem-de dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan do­ly gol­da­nyl­ýan­dy­gy­na, Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.