Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçiriljek ikinji sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Astana şäherine geldi.
Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri O.Bektenow we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Iş saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirer. «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda guraljak ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy bolsa hormatly Prezidentimiziň saparynyň esasy wakasy bolar.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitine gyzyklanmalar barha artýar. Soňky ýyllarda «Merkezi Aziýa bäşligi» esasy hyzmatdaşlary – Hytaý Halk Respublikasy, Hindistan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa bilen «Merkezi Aziýa + …» formatynda hyzmatdaşlyk etmegiň özboluşly guralyny kemala getirdi. Şeýle duşuşyklar Ýewropa Bileleşigi, Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşinde-de alnyp barylýar.
Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary we HHR-iň Başlygy ilkinji gezek 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Sian şäherinde altytaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Onda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan soňky geçen 30 ýyldan gowrak döwürde köpugurly hyzmatdaşlygyň ösüşiniň netijelerine syn berlip, gazanylan oňyn tejribeler baradaky garaýyşlar umumylaşdyryldy, bilelikdäki hereketleriň täze ugurlary kesgitlendi we Merkezi Aziýa «bäşligi» bilen Hytaýyň has ýakyn «umumy ykbal bileleşigini» gurmak hakynda ylalaşyklar gazanyldy.
«Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň mehanizminiň döredilýändiginiň yglan edilmegi Sian sammitiniň esasy üstünligi boldy. Onuň jemleri boýunça kabul edilen Jarnamada alty ýurduň Liderleriniň her iki ýyldan bir gezek duşuşyp, özara gatnaşyklary ösdürmegiň toplumlaýyn meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdyklary bellenildi. Şoňa görä, Astanada şu gün geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga ozal gazanylan ylalaşyklary has-da berkitmegiň, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda möhüm wezipeleri kesgitlemegiň ýolunda aýgytly waka hökmünde garalýar.