24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleri geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlis paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny we mejlisiň işiniň üstünlikli geçmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ýygnananlara Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Aşgabada gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Şunda Türkmenistanyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän, köpugurly kuwwata eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýändigi nygtaldy.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy, 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Başlygy Mihail Mişustine söz berildi. RF-niň Hökümetiniň ýolbaşçysy çäkli düzümde öz işine başlan mejlisi açyp, Aşgabat duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny bildirdi.
Mihail Mişustin şu gezekki mejlise GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň agzasy hökmünde ilkinji gezek Gazagystan Respublikasynyň wezipä täze bellenen Premýer-ministri Olžas Bektenowyň gatnaşýandygyny aýdyp, ýygnananlaryň adyndan oňa alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol mejlisiň gün tertibi boýunça degişli maglumat bilen çykyş etdi. Gün tertibi tassyklanandan soňra, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, hususan-da, ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Duşuşygyň gün tertibiniň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek ýeri we senesi bilen bagly meselä hem seredildi. Kabul edilen çözgüde laýyklykda, mejlis 2024-nji ýylyň noýabrynda Russiýa Federasiýasynda geçiriler.
Soňra mejlis giňişleýin düzümde dowam etdi. Onuň öňüsyrasynda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň resmi banneriniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de GDA-nyň baýdagynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.Lebedew çäkli düzümde geçen duşuşykda garalan meseleler, mejlisiň geljekki işiniň tertibi baradaky maglumat bilen çykyş etdi.
Mejlisiň dowamynda energetika we ulag ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Astanada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň çäklerinde sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmegi teklip etdi, şeýle hem yzygiderli esasda Dostluk oýunlaryny guramak başlangyjyny öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, bu oýunlar diňe bir GDA ýurtlarynyň däl, eýsem, beýleki ýurtlaryň hem türgenleriniň gatnaşmagy üçin açyk bolmalydyr. Şunda Türkmenistanyň ilkinji Dostluk oýunlaryny kabul etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine Aşgabady “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky mesele girizildi. Bu teklip duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy.
Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminama, şol sanda Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüde gol çekildi.
Bildirilen myhmansöýerlik we GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna çuňňur hoşallyk beýan edildi.
Mejlis tamamlanandan soňra, metbugat maslahatynda onuň netijeleri beýan edildi. Habar berlişi ýaly, çäkli we giňişleýin düzümde geçen duşuşyklarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň formatyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi we netijeliligi nygtaldy. Gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi. GDA-nyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi.
Mejlise gatnaşyjylar Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky Çözgüdi biragyzdan kabul etdiler. Şeýle hem Nurlan Seýtimowy (Gazagystan Respublikasy) GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky çözgüt kabul edildi.
Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň we başlangyçly orny eýeleýändigini görkezdi, şeýle-de gatnaşyjy ýurtlaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklady.