Bu baýramçylyk resmi ýagdaýda 2024-nji ýylda ilkinji gezek bellenildi. Şol ýylyň 7-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy 25-nji maýy Bütindünýä futbol güni diýip yglan etdi. Bu sene 1924-nji ýylda ähli sebit futbol toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen birinji futbol final oýnunyň 100 ýyllygynyň hormatyna saýlanyp alyndy. Şol ýyl Parižde geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlarynda futbol boýunça ilkinji halkara ýaryş geçirilýär. Ondan öň resmi däl, ýöne däp boýunça Bütindünýä futbol güni her ýyl 10-njy dekabrda bellenilip geçilýärdi.
Täjigistan Respublikasynyň başlangyjy bilen öňe sürülen bu teklip 160-dan gowrak ýurt tarapyndan makullandy we 25-nji maý Bütindünýä futbol güni diýlip bellenilmeli edildi.
PDF









