7-nji aprelde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň ajaýyp dag etegindäki Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy.
Ir bilen bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Sport çäresine gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri hem bar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň hem-de umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri hem bu asylly çärä gatnaşýarlar.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary taýýarlapdyrlar.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň hatarynyň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylaryň ählisi Saglyk ýolunyň ýanyndan ak mermerli Aşgabadyň giň şaýollary boýunça uzaýan ugur bilen sazlaşykly hereket edip başladylar.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de tokaý zolaklaryny yzygiderli giňeltmek maksady bilen toplumlaýyn we uzak möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa bolsa paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň ekologik abadançylygyny üpjün etmek, bagy-bossanlyga büremek, şäheriň ýaşaýjylarynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiziň başyny çekýän welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň hatary paýtagtymyzyň ajaýyp ýollary — Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollary bilen hereketini dowam etdi.
Welosipedli ýörişiň geçýän ýolunda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy. Ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolup, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunda hormatly Prezidentimiz sporty ösdürmegiň beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň agzalary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz sport-sagaldyş çäresine gatnaşanlara berk jan saglyk, üstünlik arzuw edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy hem-de bu ýerden ugrady.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Bu ajaýyp baýram mynasybetli 1 — 7-nji aprel aralygynda Diýarymyzyň çar künjeginde dürli çäreler guraldy. Mowzuklaýyn maslahatlar, “tegelek stol” duşuşyklary, sergiler, okuw sapaklary, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çärelerdir dabaralar, sport ýaryşlary şolaryň hataryndadyr.