Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistanyň Samarkant şäherinde bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşygy saparyň birinji gününiň maksatnamasynyň möhüm wakalarynyň biri boldy.

Duşuşyk RF-niň Prezidentiniň Özbegistana sapary wagtynda bolýan «Samarkand Regency Amir Temur» myhmanhanasynda geçirilip, onuň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, parlamentara hyzmatdaşlygyň hem yzygiderli berkidilýändigini belledi.

Duşuşykda türkmen-rus gatnaşyklarynda söwda-ykdysady ulgamyň möhüm orun eýeleýändigine üns çekilip, gaz ugurly özara hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň zerurdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ulagyň, üstaşyr geçelgeleriň, logistikanyň strategik ähmiýeti barada aýdyp, häzirki wagtda Demirgazyk ― Günorta ulag geçelgesini işjeňleşdirmek boýunça rus kompaniýalary bilen gepleşikleriň geçirilýändigini belledi. Bilelikdäki işlerde gämigurluşyk pudagynyň hem geljegi uludyr.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgam aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň 30 müňden gowragynyň bilim alýandygyny aýdyp, Aşgabatda bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini açmak meselesiniň öwrenilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýylyň ahyryna çenli dürli görnüşli medeni çäreleriň guralmagynyň göz öňünde tutulýandygy hem nygtaldy.

Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.