9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady.
Kremlden hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine — Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady.
Uruş meýdanlarynda türkmenistanlylaryň 265 müňden gowragy gaýduwsyz söweşdiler. Görkezen edermenlikleri üçin watandaşlarymyzyň 104-si Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy, 19-sy bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýeleri boldy.
Ýeňiş güni parahatçylykly, abadan we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan iň gymmatly, mukaddes baýramlaryň biridir. Bu baýram tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Ençeme onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, uruş ýyllarynyň agyr ýitgileri baradaky hasratly ýatlamalar dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem hakydasynda ýaşaýar. Ýeňişden soň geçen 79 ýylyň dowamynda şol ýyllaryň gahrymançylykly ýatlamalary biziň kalplarymyzda saklanýar.
Harby ýöriş tamamlanandan soňra, asylly däbe görä, dabaralara gatnaşan döwlet Baştutanlary bilelikde Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna barýarlar we Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýýarlar.
Matam sazynyň astynda dostlukly ýurtlaryň Liderleri 2009-njy ýylyň noýabrynda söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy derejesi berlen topluma tarap ugraýarlar. Olaryň öňünden elleri gülli esgerler barýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti tutuş adamzadyň parahat durmuşy hem-de azatlygy ugrunda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolanlary hatyralap, Baky oda gyzyl gülleri goýýar. Ýadygärligiň öňünden Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçýärler.
Dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wnukowo — 2” Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Aşgabada ugrady.
Birnäçe wagtdan soňra döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.