«Türk­me­nis­tan» awia­kom­pa­ni­ýa­sy Ho­wa ýük da­şa­ma­la­ry­nyň hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­sy (TIACA) ta­ra­pyn­dan iş­jeň (ak­tyv) ag­za­sy de­re­je­si­ne eýe bol­dy.
TIACA (The In­ter­na­tio­nal Air Car­go As­socia­ti­on) – ho­wa ýük pu­da­gy­nyň dür­li ugur­la­ry­ny, şol san­da awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry, ter­mi­nal hyz­mat­la­ry­ny, lo­gis­tik fir­ma we teh­no­lo­gik üp­jün edi­ji­le­ri bir­leş­dir­ýän glo­bal gu­ra­ma­dyr. Gu­ra­ma öz ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy art­dyr­mak, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, in­no­wa­si­ýa­la­ry hem-de dur­nuk­ly­lyk baş­lan­gyç­la­ry­ny gi­ňelt­mek üçin iş­le­ýär.
Şeý­le-de, TIACA ag­za­la­ry­nyň sa­ny soň­ky wagt­da 500-den geç­di, bu gu­ra­ma­nyň glo­bal tä­si­ri­niň, hyz­mat­daş­lyk gi­ňiş­li­gi­niň we se­na­gat ug­ru­nyň dün­ýä­niň dür­li re­gi­on­la­ryn­da giň­den ka­bul edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň ala­ma­ty­dyr.
TIACA-nyň ag­za­sy bol­mak «Türk­me­nis­tan» awia­kom­pa­ni­ýa­sy­na hal­ka­ra ýük gat­nat­ma ul­ga­my­na has çalt we ne­ti­je­li bi­rik­mek üçin müm­kin­çi­lik berip, ýur­dumyzyň üstaşyr kuw­wa­ty­ny ulan­mak­da, ho­wa ýük ug­run­da­ky or­nu­ny ber­ki­der.
TIACA ag­za bo­lup, Türk­me­nis­tan da­şa­ry ýurt­ awiakom­pa­ni­ýa­la­ry, ýük üp­jün edi­ji­ler we lo­gis­ti­ka hyz­mat be­ri­ji­ler bi­len has giň hyz­mat­daş­lyk gu­rup bi­ler. Soňky ýyllarda bu ugur­daky hyz­mat­daş­ly­k has-da gi­ňeldilýär.
TIACA-nyň giň hal­ka­ra ab­ra­ýy «Türk­me­nis­tan» awia­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hal­ka­ra ba­zar­­da bäs­deş­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni güýç­len­di­rip, bren­d gymmatyny ýo­kar­lan­dyr­ar.
TIACA dur­nuk­ly ho­wa ýük da­şa­ma­la­ry­na aý­ra­tyn üns ber­ýär. «Türk­me­nis­tan» awia­kom­pa­ni­ýa­sy hem TIACA-nyň in­no­wa­si­ýa we eko­lo­gi­ýa çe­me­leş­me­le­ri­ni iş stra­te­gi­ýa­sy­na go­şup bi­ler.
«Türk­me­nis­tan» awia­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň TIACA-nyň iş­jeň ag­za­sy hök­mün­de ka­bul edil­me­gi – ýur­duň ho­wa ýük lo­gis­ti­ka­sy­ny hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ös­dür­mek bo­ýun­ça mö­hüm ädim­dir. Bu ädim, Türk­me­nis­tan üçin üstaşyr gatnaw mümkinçiligini ýo­kar­lan­dyr­mak, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek we ho­wa ýük pudagyn­da bäs­deş­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ber­kit­mäge ýardam eder. Şeý­le-de, TIACA-nyň dur­nuk­ly­lyk we in­no­wa­si­ýa çe­me­leş­me­le­ri bi­len bi­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa gel­jek­de ho­wa ýük gat­nat­ma­sy­ny has ne­ti­je­li, howp­suz we eko­lo­gi­ýa taý­dan de­ňag­ram­ly ýö­ret­mek­de uly müm­kin­çi­lik al­ýar.

Orazgül ŞYHYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.