17-19-njy martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty geçiriler.
Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzda öndürilýän giň görnüşdäki azyk harytlaryny, ýagny et, şöhlat, guş eti, balyk, süýt, konditer, kakadylan miweleriň dürli görnüşleri, gök-önümleri, çörek önümleri, dürli görnüşdäki içgiler, ýeňil senagaty, elektronika enjamlary, dokma we maldarçylyk pudaklary, söwda, bilim, çaphana we bezeg işlerinde, mebel önümlerini, gurluşyk materiallaryny, mahabat, senetçiler we zergärçiler, tikinçilik we ilatyň sarp edýän hyzmatlary hem-de harytlary görkeziler.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy.