16-njy ýan­war­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­do­wyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­nyň (UNEP) Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry In­ger An­der­sen bi­len wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, eko­lo­gi­ýa we te­bi­gy baý­lyk­lar­dan tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­ny we gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy bi­len ýo­kar­da­ky ugur­lar­da uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­si, şeý­le hem Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek ug­run­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy bel­len­di.
UNEP-iň ýol­baş­çy­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ba­tyn­da alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat ber­mek bi­len, äh­lu­mu­my daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri­niň çö­zül­me­gi­niň äh­lu­mu­my, se­bit we mil­li de­re­je­ler­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň, şol san­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy we döw­let­le­riň her bi­ri­niň BMG bi­len he­re­ket­le­ri­ni ut­gaş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny göz öňün­de tut­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Aş­ga­bat­da ýer­leş­ýän Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry üçin Ho­wa teh­no­lo­gi­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy yg­lan edil­di. Onuň esa­sy mak­sa­dy Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ryn­da ho­wa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak we ulan­mak hem-de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ba­tyn­da se­bi­tiň teh­no­lo­gik ösü­şi­ne gol­daw ber­mek bol­ma­ly.
Täh­ran kon­wen­si­ýa­sy­nyň sek­re­ta­ria­ty­nyň işi bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy hem-de bu ba­bat­da Ha­zar deň­zi­niň ho­wa­sy­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly tas­la­ma­la­ra ga­ra­mak we Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de de­ňiz gi­ňiş­li­gi­ni me­ýil­leş­dir­mek kon­sep­si­ýa­sy­ny iş­läp düz­mek tek­lip edil­di.
Daş­ky gur­şaw pu­da­gyn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­lar ul­ga­my bo­ýun­ça BMG-niň Tä­ze Ha­zar Daş­ky Gur­şaw Mak­sat­na­ma­sy­ny Ha­za­ryň te­bi­gy baý­lyk­la­ryn­dan tyg­şyt­ly peý­da­lan­ma­gy üp­jün et­mek üçin daş­ky gur­şaw çä­re­le­ri­niň top­lu­my hök­mün­de dö­ret­mek bo­ýun­ça 2019-njy ýy­lyň aw­gust aýyn­da Türk­men­ba­şy­nyň Awa­za­da­ky Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň öňe sü­ren baş­lan­gy­jy­na üns be­ril­di.