19-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Sloweniýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary we Ýewropa işleri ministri Tanýa Faýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň we Sloweniýanyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda BMG-niň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Muny taraplaryň öňe sürýän başlangyçlaryny özara goldamak tejribesinde görmek bolýar.
Şeýle hem söhbetdeşler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.