Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda sanlylaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Muňa «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gazananlarynyň wirtual sergisi hem aýdyň subutnama bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, sanly ulgama geçmek dünýäniň ösüşiniň esasy şertleriniň biridir. Ol biziň gündelik durmuşymyza hem-de işimize ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerimizi giňeldýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, sanly bilimi hem-de saglygy goraýşy döwrebaplaşdyrmak, «Elektron Hökümet» ulgamyndan doly peýdalanmak, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy işjeň ösdürilýär, ýurdumyzda sanly ulgamda köp sanly çäreler yzygiderli ösdürilýär.
Şonuň çäklerinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli wirtual sergi geçirilýär. Ol ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda hususy kärhanalaryň gatnaşmagynda geçiriler. Bu giň möçberli internet-taslama bolan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisi ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerini giňden wagyz etmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlary mahabatlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyz barada gyzykly maglumat almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin ýöriteleşdirilen internet-portallaryna ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, iri kärhanalary gatnaşyp, olaryň öz mümkinçilikleri we ägirt uly eksport kuwwatlyklary bilen tanyşdyrýarlar. Serginiň her bölüminde görkezilýän önümler we aragatnaşyk hem-de elektron poçta salgysy arkaly ýola goýulýan hyzmatlar baradaky maglumatlaryň türkmen, rus we iňlis dillerinde beýan edilmegi dünýä jemgyýetçiligi üçin has gyzykly bolmagyna şert döredýär. Wirtual serginiň guralmagy sanlylaşdyrmagyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm wezipeleriniň esasy ugry bolup durýandygyny görkezýär. Häzirki döwürde ýurduň innowasion ösüşi ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna bagly bolup durýar.
Serginiň çäklerinde Watanymyzyň dünýä ulgamyna işjeň goşulýan täze ykdysady ugrunyň kemala gelýändigi, milli Liderimiziň Türkmenistanyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine, onuň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegine we halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen iri möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň oňyn guraly giňden beýan edilýär.
Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar. Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga giň mümkinçilik berdi. Bu ugurdaky işleriň çäklerinde olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlary we öndürýän önümleri baradaky maglumatlar web-saýtlarda ýerleşdiriler hem-de yzygiderli täzelenip durlar. Saýtyň ýygy-ýygydan täzelenip durulmagy bolsa onuň hil taýdan ösüşiniň kepilidir, sebäbi ol peýdalanyjylar üçin bähbitli maglumatlaryň yzygiderli akymynyň döredilmeginiň hasabyna elektron neşiriň meşhurlygyny üpjün edýär.
Daýançgeldi BEKDURDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakynyň eýesi.