23-nji ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserniň “Türkmenturba” zawodynyň önümçiligini bökdençsiz işletmek we ony tehnologik kadalara laýyklykda dolandyrmak maksady bilen, önümçilikde zerur bolan enjamlar, himiýa önümleri bilen öz wagtynda üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge degişli teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.