Belarusly tennisçi Aryna Sabalenkanyň 2025-nji ýyly birinji orunda tamamlajakdygy resmi ýagdaýda mälim edildi. Häzirki wagtda 10 müň 400 utugy bolan 27 ýaşyndaky tennisçi kalendar senenamasy boýunça bir ýyly tutuşlygynda birinji orunda tamamlan 7-nji raketkaçy bolar. Ondan öň awstraliýaly Kris Ewert (1977, 1981), amerikaly Martina Nawratilowa (1983, 1984, 1986), germaniýaly Şteffi Graf (1988, 1989, 1990, 1994, 1996), öňki ýugoslawiýaly Monika Seleş (1992), amerikaly Serena Williams (2014, 2015) hem-de awstraliýaly Eşli Barti (2020, 2021) ýanwarda-dekabra çenli bir ýyly WTA-nyň sanawynda birinjilik bilen tamamlamagy başardy. Germaniýaly Şteffi Graf şeýle statistikany 5 ýyl gaýtalap, bu görkeziji boýunça iň öňde barýar.
Sabalenka mundan öň 2023-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynda-da birinji orna beýgelipdi. Ol geçen ýylyň oktýabr aýyndan bäri (55 hepde) WTA-nyň sanawynda birinjiligini saklap gelýär.
Şeýle-de, Aryna Sabalenka bir ýylda 10 müňden köp utuk toplan 8-nji zenan tennisçi hökmünde taryha girdi. Sabalenkadan öň 2009-njy ýylda russiýaly Dinara Safina (10 müň 521), 2011-nji ýylda daniýaly Karolin Wozniaski (10 müň 255), 2012-nji ýylda belarusly Wiktoriýa Azarenka (10 müň 955), 2013-nji ýylda amerikaly Serena Williams (13 müň 615) bilen russiýaly Mariýa Şarapowa (10 müň 690), 2021-nji ýylda awstraliýaly Eşli Barti (10 müň 185) hem-de 2024-nji ýylda polşaly Iga Şwentek (11 müň 695) bu statistika eýe bolupdylar.
Sabalenka tamamlanyp barýan 2025-nji ýylda “Uly tuwalga” ýaryşlarynda – “Amerika Açykda” çempion bolup, “Awstraliýa Açyk” hem-de “Fransiýa Açyk” ýaryşlarynda finala, “Wimbledonda” ýarym finala çykdy. Sabalenka şu ýylyň dowamynda 8 ýaryşda finala çykyp, şolaryň 4-sinde çempionlyk gazandy. Sabalenkanyň umumylykda 21 çempionlygy bar.
 PDF



		

                         
                         



