Britan suratkeşleriniň iň görnükli wekilleriniň biri bolan Jozef Mellord Uilýam Týurneriň döredijilik ýolunyň başlamagyna sebäp bolan taryhy işi iki ýüz ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek köpçülige hödürlener. Suratkeşiň 1798-nji ýylda döreden «Abergawenni köprüsi» atly akwarel suraty şu ýylyň 25-nji aprelinde «Gainsborough’s House» muzeýinde açyljak serginiň esasy eksponaty bolar.
Bu eser suratkeşiň durmuşynda öwrülişikli pursat boldy. Týurner 1799-njy ýylda Patyşalyk sungat akademiýasynda bu işini görkezeninden soň, bary-ýogy 24 ýaşynda akademiýanyň iň ýaş agzasy bolup saýlandy. Şondan bäri şahsy kolleksiýalarda saklanan we 200 ýyllap hiç bir muzeýde görkezilmedik bu surat, sungat taryhçylary we muşdaklary üçin hakyky täzelik bolar. Eýesi bu eseri 1992-nji ýylda 71 500 funt sterlinge satyn alypdy we ony sergi üçin bermäge diňe 34 ýyldan soň razy boldy.
Surat 1798-nji ýylyň tomsunda, Týurneriň Uelse amala aşyran alty hepdelik syýahaty wagtynda döredildi. Şol syýahat suratkeşe tebigatdaky suwuň, buludyň we yşygyň täsin öwüşginlerini öwrenmäge mümkinçilik beripdir.
“Geýnsboro, Týurner we Konstebl: Peýzažyň döredilmegi” atly sergi diňe bir Týurneriň däl, eýsem, Tomas Geýnsboro we Jon Konstebl ýaly beýik britan peýzažçylarynyň hem seýrek eserlerini bir ýere jemlär. Sergide Týurneriň ozal hiç wagt görkezilmedik ýene üç sany akwarel işi, şeýle-de Geýnsboronyň 1952-nji ýyldan bäri Britaniýada ozal sergä goýulmadyk suratlary halka hödürlener.