Dünýäniň iň möhüm oýlap tapyşlarynyň biri hasaplanýan uçarlar haçan we nähili ýüze çykdyka?! Adamzadyň gadymdan gelýän uçmak baradaky arzuwy haçan hasyl bolduka?! Geliň, uçaryň häzirki ösen derejesine ýetýänçä nähili ösüşleri başdan geçirendigine seredeliň!
Gadymy müsürliler ganatly adamlary şekillendirýän we uçmak islegini beýan edýän köp sanly suratlary galdyrypdyrlar. Grekler we hytaýlylar uçmak isleglerini mifiki hekaýatlarda we rowaýatlarda beýan edipdirler. Gündogar medeniýetlerinde duş gelýän bu mysala türkmen edebiýatynda hem gabat gelinýär. Elbetde, bu höwes diňe kagyz ýüzünde galmandyr. Dünýäniň dürli künjeklerinde muny dürli wagtlarda durmuşa geçirmäge synanyşan adamlar bolupdyr. Uçmak üçin ilkinji synanyşyklary IX asyrda ýaşap geçen arap oýlap tapyjysy Abbas Kasym Ibn Firnas amala aşyrypdyr. Firnas ýüpek we bürgüt ýeleklerini ulanyp, uçmak üçin uly ganatlary döredip, şol ganatlary goluna geýip uçmaga çalşypdyr. Emma synanyşyk şowsuz tamamlanypdyr.
XV asyrda italýan alymy Leonardo da Winçi uçmaga synanyşmasa-da, adamyň arkasyna daňylýan «şarpyk ganaty» atly maşynyň taslamasyny taýýarlapdyr. Adamyň uçmak arzuwy ilkinji gezek şarlaryň peýda bolmagy bilen amala aşypdyr. Fransiýaly doganlar Mongolfýeler 1783-nji ýylda ýyly howa bilen çişirilýän, kagyzdan uly şar ýasap, şowly netije gazanypdyrlar. Şeýle şarlar häzirem ulanylýar. Şarlar bilen asmana göterilen adamlar howada uçmagyň dürli usullaryny gözlemegi dowam etdiripdirler. Iňlis inženeri Jorj Keýli 1853-nji ýylda hiç hili güýç çeşmesiz uçup bilýän dünýäde ilkinji planeri ýasaýar. Şeýle planer bilen 2000-den gowrak uçuş eden nemes alymy Otto Liliental bu uçaryň oýlap tapyjysy hökmünde tanalýar. Amerikaly doganlar Raýtlar beýlekileriň öndüren köp sanly uçarlaryny has-da kämilleşdirip, 1903-nji ýylda öz uçarlaryny döredýärler. Bu uçar ilkinji howa gämisi hasaplanýar. Sebäbi, beýlekilerden tapawutlylykda, bu uçaryň hereketlendirijilerini aýlamak üçin ýangyçdan peýdalanylypdyr. Doganlar Raýtlaryň uçary 12 sekuntda, takmynan 40 metr uçup, ýere howpsuz gonupdyr. Şeýlelikde, dünýäde ilkinji uçuş amala aşyrylypdyr. 1909-njy ýylda fransuz oýlap tapyjysy Lui Blerio öz uçarynda Fransiýa bilen Angliýanyň aralygyndaky deňziň üstünden 41 kilometr aralygy uçup geçýär. Iňlis inženeri Frenk Uaýt tarapyndan 1930-njy ýylda uçarlara niýetlenen hereketlendirijiniň oýlanyp tapylmagy bilen ýolagçyuçarlary öndürilip başlandy.