Kaliforniýanyň “JetZero” startapy ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynda öňdebaryjy “JetZero Z4” uçarlaryny öndürjek zawod gurar. Zawodyň Grinsboro şäherindäki Pýemont-Triad aeroportynyň golaýynda ýerleşer.
200-250 ýolagça niýetlenen “JetZero Z4” uçarlarynyň uçuş aralygy, takmynan, 9 müň 300 kilometre barabar bolar. Fýuzelýaža seplenen ganaty bilen tapawutlanýan uçar, adaty modellere garanyňda, iki esse az ýangyç ýakýar. Bu aýratynlyklary bilen ol “Boeing 737 Max 10”-dan ep-esli tapawutlanýar. Çünki oňa köp ýolagçy ýerleşýär, uçuş aralygy hem uzak.
Bu taslama ABŞ-nyň Harby-howa güýçleri hem-de “Northrop Grumman” korporasiýasy tarapyndan makullanýar. “JetZero Z4”-iň ilkinji uçuşy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär, ýöne täjirçilik maksatly ulanylyşy 2030-njy ýyldan gijä galmaz. Täze uçaryň müşderileriniň arasynda ABŞ-nyň iri awiakompaniýalarynyň biri bolan “United Airlines”-iň ady agzalýar.