Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ho­wa gat­naw­la­ryn­da ýo­lag­çy­la­ra 5G in­ter­ne­tin­den peý­da­lan­ma­ga rug­sat be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Ko­mis­si­ýa­sy­nyň ag­za­sy Týer­ri Bre­ton aşa tiz, ýo­ka­ry hil­li ara­bag­la­ny­şyk ba­ra­da gür­rüň edi­len­de, as­ma­nyň çäk­den daş­da däl­di­gi­ni aýt­dy. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi mun­dan ozal hem ho­wa gat­naw­la­ryn­da mo­bil ara­gat­na­şy­gy ýo­la goý­mak­da kä­bir tä­ze­lik­ler gi­ri­zip­di. Hä­zir­ki wagt­da uça­ryň bor­tun­da “Blue­tooth” we “Wi-Fi” bag­la­ny­şy­gy­na rug­sat be­ril­ýär. Em­ma tä­ze gi­ri­zil­jek düz­gü­ne gö­rä, uçar ýo­lag­çy­la­ry­na jaň et­mä­ge, sms-ha­bar­na­ma­sy­ny ka­bul et­mä­ge ýa-da iber­mek, in­ter­net­den peý­da­lan­ma­ga rug­sat ber­ler. Hal­ka­ra Ho­wa Gat­naw­la­ry Bi­le­le­şi­gi­niň we­ki­li uçar­lar­da 5G bag­la­ny­gy üçin aý­ra­tyn tol­kun bol­jak­dy­gy­ny, şol se­bäp­li uçu­şyň howp­suz­ly­gy­na hiç hi­li zy­ýan ýet­me­jek­di­gi­ni bel­le­ýär. Uça­ryň için­dä­ki 5G bag­la­ny­şy­gy üçin aý­ra­tyn en­jam­lar otur­dy­lar. Bu en­jam­lar eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly Ýer­dä­ki an­ten­na­la­ra bi­ri­ger. Şeý­le­lik­de, uçuş wag­tyn­da mo­bil ara­gat­na­şyk ýo­la goý­lar. Tä­ze düz­gü­niň ha­çan ýo­la go­ýul­jak­dy­gy hä­zir­lik­çe nä­mä­lim bol­ma­gyn­da gal­ýar.

Bä­gül Ýo­mu­do­wa, Türk­me­nis­ta­nyñ te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by