Katardan Uganda barýan ýolagçy uçaryndaky bir aýal bäbek dünýä inderdi. Ýerden birnäçe metr belentlikden barýan uçarda 35 hepdelik (8 aý) göwreli bolan aýala kanadaly lukman Aýşa Hatib ýardam etdi. Katar howaýollarynyň Doha-Entebbe gatnawyny amala aşyrýan uçarda dünýä inen bäbegiň we enesiniň saglyk ýagdaýynyň kadalydygy habar berildi. Gyz bäbege onuň dogulmagyna kömek eden lukmanyň ady dakyldy. Lukman Aýşa Hatib bolsa, ady ýazylan kolýesini täze dünýä inen atdaşyna sowgat etdi.

Katar howaýollary kompaniýasy 36 hepdä çenli bolan göwreli ýolagçylaryň uçara münmegine rugsat edilýändigini mälim etdi.

Şeýle wakalara seýrek hem bolsa gabat gelinýär. Geçen ýylyň awgustynda owganystanly bir zenan hem uçarda bäbegini eline alypdy.