Dubaý-Birmingem gatnawyny amala aşyrýan uçardaky ýolagçylaryň biriniň bäbegi boldy. Türk howa ýollaryna degişli bolan uçar bilen Birleşen Arap Emirliklerinden Beýik Britaniýa ugur alan 26 ýaşly owganystanly zenan Soman Nuriniň Ýerden 30 fut (9 kilometrden gowrak) belentlikde, Kuweýtiň howa giňişliginden geçilýän wagty burgusy tutup ugrady. Howa ekipažynyň ýolbaşçysy Aýsel Ýawaş we onuň kärdeşleri çaganyň sag-aman dünýä inderilmegine ýardam berdiler. Atasy Täjmuhammet we enesi Soman maşgalanyň täze agzasyna “Hawwa” diýip at goýdular. Olar Hawwanyň maşgalada üçünji çagadygyny bellediler. Emele gelen ýagdaý sebäpli Kuweýtde gonmaly bolan uçar az wagtdan soň Beýik Britaniýa tarap uçuşyny dowam etdirdi.