UEFA Çempionlar Ligasynda 2-nji duşuşyklar tamamlandy. Hepdäniň iň ökde oýunçysy diýlip, “Real Madridiň” super ýyldyzy Kilian Mbappe saýlandy. Fransiýaly futbolçy bu ugurda Ýens Petter Haugeni, Erling Holanny hem-de Rasmus Hýoýlunny yzda galdyrdy. Mbappe toparynyň myhmançylykda “Kairaty” 5-0 ýeňen oýnunda het-trik edipdi. Çempionlar Ligasyndaky gollarynyň sanyny 60-a ýetiren Mbappe şu möwsümde 5 gol bilen sanawyň başyny çekip gelýär. Ýeri gelende bellesek, 1-nji duşuşyklaryň iň ökde oýunçysy Markus Reşford saýlanypdy.

Şeýle-de, 2-nji duşuşyklarda geçirilen gollaryň arasynda iň owadany “Garabag” toparyndan Emmanuel Addainiň goly iň owadany diýlip ykrar edildi.