Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde uçýan taksiniň synag uçuşy üstünlikli geçirildi. Geljek ýyl şäheriçi gatnawlarda ulanylyp başlanjak bu ulaglar arkaly 45 minutlyk ýoly 12 minutda geçip bolar. Şäheriň ýolbaşçylary bu taslama ýol dyknyşygyny azaltmagyň usuly hökmünde garaýarlar. «Joby Aviation» amerikan kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamanyň çäklerinde uçýan ulag dürli howa şertlerinde barlanyp görüldi. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyň şäheriň yssy howasyna çydamly edilip öndürilendigi bellenildi. Howa taksisi şäheriň köp adamly belli ýerlerindäki gonalgalardan hereket eder.
Kompaniýa 2024-nji ýylyň fewralynda Dubaýyň Ýol we ulag edarasy bilen howa taksilerini ýola goýmak boýunça ylalaşyk gazanypdy. Kompaniýa geçen ýylyň noýabr aýynda şäheriň halkara aeroportunda wertiportyň (dikligine uçup hem gonup bilýän kiçi göwrümli howa ulaglarynyň gonalgasy) gurluşygyna başlanandygyny, şeýle hem Palm Jumeýra emeli adasynda, şäher merkezinde we deňiz kenarynda ýene üç sany şeýle gonalganyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini habar beripdi. Dubaýyň Ýakyn Gündogar sebitinde howa taksilerini hyzmata hödürlän ilkinji şäher boljakdygy mälim edildi.