Ýaponiýanyň ANA awiakompaniýasy «Joby Aviation» kompaniýasy bilen bilelikde «eVTOL» atly uçýan taksilerden peýdalanar. Kiçi göwrümli howa ulaglary Osaka şäheriniň halkara howa menzili bilen şäher merkeziniň arasynda ýolagçy gatnawyny ýola goýar. Bäş orunlyk ulag adatça bir sagatda geçilýän ýoly 15 minutda geçýär. Ýaponiýada dünýäniň iň köp ilatly 20 şäheri bar. Ýurduň ýaşaýjylarynyň 92 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Emeli adanyň üstünde gurlan Osakanyň halkara howa menzili şäheriň 38 kilometr günbatarynda ýerleşýär. Bu aralygy otly bilen 35-65 minutda geçip bolýar.
Jennet GURBANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.