Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volocop­ter» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş­läp dü­zen hem-de gel­je­giň ula­gy hök­mün­de baha berlen uç­ýan tak­si ula­gy ýe­ne-de iki ýyl­dan ulan­ma­ga baş­la­nar. Bu kom­pa­ni­ýa 2019-njy ýyl­da «Volocity» atly uç­ýan tak­si­si­ni ta­nyş­dy­ryp­dy. Do­lu­ly­gy­na elek­trik to­gy bi­len iş­le­ýän bu ulag edil di­ku­çar ýa­ly ýo­kar­ly­gy­na ga­lyp hem-de go­nup bil­ýär. 18 sa­ny pe­ri bo­lan ulagyň uç­ýan wag­ty de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­magy üçin ýo­ka­r­syn­da ýö­ri­te en­jam otur­dyl­dy. Bu ula­gyň müş­de­ri­le­re hyz­mat et­me­gi üçin 322 mil­li­on ýew­ro üp­jün edil­di. Bu ulag Finl­ýan­di­ýa­nyň Hel­sin­ki, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý, Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de hem-de Sin­ga­pur­da dür­li ýag­daý­lar­da sy­nag edil­di. Kom­pan­ýa Sin­ga­pur­da we Pa­riž­de bu ugur­da hyz­mat ber­jek şa­ham­ça­la­ry dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ulag sa­gat­da 110 ki­lo­metr tiz­li­ge ýe­tip we 35 ki­lo­met­r ara­ly­ga ýo­lag­çy äki­dip bi­ler. Bu ara­lygyň gys­ga bol­ma­gy müm­kin. Ýö­ne mu­nuň uç­ýan tak­si bo­lan­dy­gy üçin onuň mak­sa­dy şä­he­riň için­de ýo­lag­çy­la­ra hyz­mat et­mek­den yba­rat­dyr. Ulag Ýew­ro­pa­nyň awia­si­ýa howp­suz­ly­gy gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ula­nyl­ýan ýer­li howp­suz­lyk stan­dart­la­ry­nyň hem­me­si­ne la­ýyk gel­ýär. Şol se­bäp­li ýo­lag­çy­la­ra res­mi taý­dan hyz­mat et­jek bu ulag ze­rur inf­rast­ruk­tu­ra üp­jün edi­len­den soň hyz­mat edip baş­lar.

Umi­da ROZ­ME­TO­WA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.