UEFA klub ýaryşlarynyň seresi hasaplanýan Çempionlar Ligasynyň formatyny, ýagny geçiriliş tertibine ýene-de az-owlak üýtgeşiklik girizip biler. Bu barada ispanlar “Mundo Deportivo” gazeti habar berýär. Häzirki wagtda UEFA yklymyň öňdebaryjy klublary tarapyndan esaslandyrylmak islenilýän Ýewropa Super Ligasyny ýaryşynyň adyndan wekilçilik edýän şereket bilen gepleşikler geçirýär. Çempionlar Ligasynyň formaty geçen möwsümde üýtgedilip, liga görnüşde geçirilip başlanypdy. Täze görnüşde klublaryň sany 36-lygyna galar. Ýöne toparlar UEFA-nyň koeffisentlerine görä, 2 toparça bölüner. “A” toparçadaky 16 topardan 8-lige düşenler 1/8 finala adyny ýazdyrar. Galan 8 topar bolsa 2-nji toparçada ilkinji 8-lige girenler bilen edil häzirki ýaly pleý-off duşuşygyny oýnar we ýeňiş gazananlar 1/8 finala çykar. Aslynda edil häzirki formata meňzeş bolup, maslahaty edilýän täze formatda has güýçli toparlar kiçi toparlar bilen duşuşyk geçirmez. Mysal üçin “Real Madrid” topary “Kairat”, “Pafos” ýaly klublar bilen duşuşmaz.
Ýaryşyň ady üýtgedilmez. Şeýle-de, duşuşyklary tölegsiz platformada 2 görnüşde, mahabatly hem-de mahabatsyz görnüşde ýaýlyma bermeklik göz öňünde tutulýar.
Taraplar ylalaşan ýagdaýynda formatyň 2027-nji ýyldan güýje girjekdigi bellenilýär.